Erbilde Sil Apaty Sebäpli 8 Adam Ýogaldy

Welaýat häkimi Omid Hoşnaw, düýn gije başlan ýagyşlar bilen gelen sil apaty sebäpli birnaçe mähellede ýitgi çekilendigini aýtdy.

1748850
Erbilde Sil Apaty Sebäpli 8 Adam Ýogaldy

Yragyň Erbil şäherinde sil apaty sebäpli ilkinji kesgitlemelere görä 8 adam ýogaldy.

Welaýat häkimi Omid Hoşnaw, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýannamasynda, düýn gije başlan ýagyşlar bilen gelen sil apaty sebäpli birnaçe mähellede ýitgi çekilendigini aýtdy.

Hoşnaw, sil sebäpli ilkinji kesgitlemelere görä zenanlar bilen çagalar bilen birlikde 8 adamyň ýogalandygyny belledi.

Halk ukuda mahaly öýleriniň suwyň aşagynda galandygyny, şol sebäpli hem apatda ýogalanlaryň sanynyň artandygyny nygtan Hoşaw, ýagdagyň gözegçilik astyna alynandygyny ýatlatdy.


Etiketkalar: #sil apaty , #Erbil , #Yrak

Degişli Habarlar