ABŞ, Türkiýe Bilen Erenistanyň Arasyndaky Gatnaşyklaryň Kadalaşmagy Üçin Edilýän Tagallalardan Hoşal

Blinken, Türkiýe bilen Ermenistanyň gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin ýörite wekil bellejekdigi hakynda berlen beýannamalardan hoşal

1748237
ABŞ, Türkiýe Bilen Erenistanyň Arasyndaky Gatnaşyklaryň Kadalaşmagy Üçin Edilýän Tagallalardan Hoşal

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Türkiýe bilen Ermenistanyň gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin ýörite wekil bellejekdigi hakynda berlen beýannamalardan hoşaldyklaryny we bu tagallalara güýçli goldaw berýändiklerini aýtdy.

Entoni Blinken, Twitterden beren habarnamasynda “Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Ermenistanyň Daşary işler ministriniň gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin ýörite wekil bellejekdikleri hakyndaky beýannamalaryna hoşallyk bildirýäris we güýçli goldaw berýäris” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 13-nji dekabrda TBMM-de eden çykyşynda Ermenistanyň paýtagty Ýerewan bilen çarter saparlarynyň başlajakdygyny nygtap, “Ýakynda Ermenistan bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin ýörite wekil belläris. Bu meselede Azerbaýjan bilen birlikde hereket ederis” diýipdi.



Degişli Habarlar