Owganystany Terk Etmek Isleýänleriň Sany Artýar

"Owganystandaky ýagdaý täze bosgun krizisine sebäp bolup biler"

1744433
Owganystany Terk Etmek Isleýänleriň Sany Artýar

BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komisary Grandi, Owganystanda soňky hepdelerde ýurdy terk etmek isleýänleriň sanynyň artandygyny aýtdy.

Grandi, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde eden çykyşynda, Owganystandaky ýagdaýyň täze bosgun krizisine sebäp bolup biljekdigine ünsi çekdi.

Owganystanda 23 million adamyň agyr şertlerde ýaşaýandygyny nygtan Grandi, 3,5 million adamyň hem çaknyşyklar sebäpli öýlerini terk edip biljekdigini belledi.

Grandi, berilýän ynsanperwer kömekler bilen ykdysadyýetiň kadalaşyp biljekdigini nygtady.

BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komisary “Soňky hepdelerde ýurdy terk etmek isleýän owganlaryň sanynyň artýandygyny gördük”diýip belledi.



Degişli Habarlar