Hindistanyň Baş Ştabynyň Başlygynyň Dikuçary Heläkçilige Uçrady

Goşun generaly Bipin Rawaty alyp barýan IAF Mi-17W5 kysymly harby dikuçar heläkçilige uçrady

1744596
Hindistanyň Baş Ştabynyň Başlygynyň Dikuçary Heläkçilige Uçrady

Hindistanyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Bipin Rawaty alyp barýan harby dikuçar heläkçilige uçrady.

Hindistanyň Howa güýçleriniň Twitterden beren habarnamasynda, Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Bipin Rawaty alyp barýan IAF Mi-17W5 kysymly harby dikuçar heläkçilige uçrandygy nygtaldy.

Hindistanyň döwlet telewideniýesi Prasar Bharati, ýere gaçandan soň ýanmaga başlan uçaryň sebitiň ýaşaýjylary tarapyndan söndürlendigini, wakada ýaralanan 3 adamyň hassahanada bejergi astyna alynandygyny habar berdi.

Heläkçiligiň sebäbiniň anyklanylmagy üçin derňew işi gozgaldy.



Degişli Habarlar