Merkel Üçin Harby Hoşlaşyk Dabarasy Geçirildi

Merkel wezipesini 8-nji dekabrda Olaf Şulza tapşyrar.

1742391
Merkel Üçin Harby Hoşlaşyk Dabarasy Geçirildi

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Goranmak ministrliginde geçirilen dabarada sözlän sözünde 16 ýyllyk iş möhletiniň soňunda minetdarlyk ve pespällik duýgularyny başdan geçirýändigini aýtdy.

Vezipesini geljek hepde Sosial demokrat partiýaly Olaf Şulza tabşyrjak Merkel, 16 ýyllyk federal kanslerlik vezipesiniň esasy böleginiň kynçylykly geçendige ünsi çekip; “Esasanda pandeiýanyň soňky iki ýyly syýasata, ylyma ve sosial diskursa bolan ynamyň nähili möhümdigini hem-de şol vagtda-da nähili ynjykdygyny aç-açan görkezdi” diýdi.

Demokratiýany ýigrenç, basyş ve ýalňyş maglumatlandyrma ýaly hovplardan goralmagy üçin çagyryş eden Merkel; “Demokratiýamyz özüni tankydy taýdan seljeriş ve düzediş ukyby bilen öser. Yzgiderli bähbit deňagramlylygy ve birek-birege sarpa goýmak bilen ýaşar. Arkalaşykdan ve ynanyşmakdan, aýratynam hakykatlara bolan ynamdan ve ylmy maglumatlaryň kabul edilmeýän, myş-myşlaryň ve gaýgylanmalaryň ýaýbaňlandyrylýan ýerlerinde gapma garşylyklaryň beýan edilmeginden güýç alar” diýdi.

Geljekdäki kynçylyklary çözmek ve geljegi ugrukdyrma borjunyň nobatdaky hökümete galandygyny beýan eden Angela Merkel, şol sebäpli geljek hepde vezipäni kabul edip aljak Federal Kansler Olaf Şulza üstünlik arzuv etdi.

Hoşlaşyk dabarasyna Germaniýanyň Prezidenti Frank Valter Ştaýenmeýer ve aýaly Elke Dýudenbender bilen köp sanly ýokary derejeli syýasatçy gatnaşdy.

Angela Merkel 8-nji dekabrda Federal Mejlisde kasam etjek Olaf Şulza vezipäni tabşyrar.

 



Degişli Habarlar