“Eýranyň Gepleşiklere Dowam Edilmegi Üçin Wagty Bar”

Blinken, Eýranyň gepleşiklere dowam edilmegi üçin wagtynyň bardygyny aýtdy

1742444
“Eýranyň Gepleşiklere Dowam Edilmegi Üçin Wagty Bar”

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Eýranyň 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmegini isleýändiklerini we Eýranyň gepleşiklere dowam edilmegi üçin wagtynyň bardygyny aýtdy.

Blinken, Şwesiýada geçirlen Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň daşary işler ministrleriniň 28-nji maslahatynyň çäginde Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Ysraýylyň Daşary işler ministri Lapid bilen geçiren duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Duşuşykda Eýran meselesiniň seljerlendigini aýdan Blinken, Eýranyň 2015-nji ýylda gazanylan ylalaşyga dolanmagy üçin gepleşiklere içginlik bilen gatnaşyp gatnaşmajakdygynyň 2 günüň dowamynda belli boljakdygyny belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, Eýranyň Wena gepleşikleriniň netijeli bolmagy üçin henizem wagtynyň bardygyny sözleriniň üstüne goşdy.

Blinken, Russiýanyň soňky hepdelerde Ukrainadaky serhedindäki harby hereketliligine alada bildirýändiklerini nygtady.



Degişli Habarlar