ABŞ Russiýa duýduryş berdi

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jen Psaki, Russiýa Ukraina bilen bagly duýduryş berip, 2014-nji ýylda Krymdaka meňzeş ädimler etmemezligi barada çagyryş berdi

1742522
ABŞ Russiýa duýduryş berdi

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jen Psaki, gündelik metbugat ýygnagynda, soňky günlerde Ukraina bilen bagly artan ABŞ-Russiýa dartgynlygynyň üstünde durup geçdi. 

Psaki, Moskwanyň Ukraina garşy agressiw ädimlerine ýakyndan gözegçilik edýändiklerini we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň, rus kärdeşi Sergeý Lawrowa Ukraina babatyndaky ähli aladalaryny açyk ýagdaýda aýdyp geçendigini habar berdi. 

ABŞ-nyň Russiýa garşy elinde sanksiýalardan daşary çäreleriň bolup-bolmandygy bilen bagly soraga Psaki, Ukraina berýän harby kömeklerini artdyrandyklaryny belläp: "Eger ruslar 2014-nji ýyldaky Krymyň anneksiýasy tapgyrynda bolşy ýaly hereket etseler, elimizde ençeme başga çäreleriň bardygyny ruslara gönüden aýtdyk" diýip jogap berdi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Stokgolmde Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren duşuşygynda, Moskwanyň Ukraina serhedinde harby dartgynlygy artdyran halatynda netijesiniň agyr boljakdygy barada beýanat beripdi. 


Etiketkalar: #Ukraina , #Russiýa , #Moskwa , #ABŞ

Degişli Habarlar