Russiýada kömür käninde bolan ýangyn sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

Russiýanyň Kemerowa sebitinde ýerleşýän kömür känindäki ýangynda ýogalanlaryň sanynyň 52 adama ýetendigi habar berildi

1738953
Russiýada kömür käninde bolan ýangyn sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi, Kemerowa sebitinde ýerleşýän kömür käninde takmynan 250 metr çuňlukda ýangynyň ýüze çykandygyny ýatladyp, ýangyn we emele gelen tüsse sebäpli 239 adamyň halas edilip ýetişilendigini mälim etdi. 

Beýanatda ýangyn sebäpli 52 adamyň ýogalandygy bellenip, ýogalanlaryň arasynda halas ediş toparlaryň hem bardygy aýan edildi. 

Düýn Kemerowadaky kömür käninde ýeriň takmynan 250 km aşagynda ýangyn ýüze çykypdy. Wakada 239 adam halas edilip ýetişilipdi, azyndan 11 adamyň ýogalandygy, 45 adamyň bolsa ýaralanandygy habar berilipdi. Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi. 



Degişli Habarlar