Russiýada kömür käninde bolan pajygada 6 adam ýogaldy

Russiýanyň Kemerowa sebitinde ýerleşýän kömür käninde ýüze çykan ýangynda 6 adam ýogaldy

1738633
Russiýada kömür käninde bolan pajygada 6 adam ýogaldy

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berilen beýanatda, Kemerowa sebitinde ýerleşýän kömür käninde ýeriň takmynan 250 km aşagynda ýangynyň ýüze çykandygy habar berildi. 

Ýangyn we tüsse sebäpli kömür käninde işleýän 237 adamyň çykarylandygy mälim edildi. Beýanatda wakada 6 adamyň ýogalandygy, 44 adamyň bolsa ýaralanandygy aýan edildi. 

Kömür käninde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 



Degişli Habarlar