KDR-da guralan hüjümde 50 adam ýogaldy

Kongo Demokratik Respublikasynyň gündogaryndaky Ituri welaýatynda pitneçileriň guran hüjüminde asuda ilatdan 50 adam ýogaldy

1737312
KDR-da guralan hüjümde 50 adam ýogaldy

Ýurdyň Milli metbugatynyň berýän habaryna görä, Ituri welaýatynyň Djugu şäherçesine "Kongonyň galkynyş alýansy" atly pitneçi topar tarapyndan hüjüm guraldy. 

Hüjümde aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat asuda ilatdan jemi 50 adam ýogaldy. 

"Kongonyň galkynyş alýansy" atly pitneçi toparyň agzalary hassahanalary we ybadathanalary talanlaryndan soň şäherçäni terk etdiler. 

Ýurdyň Prezidenti Feliks Çisekedi tarapyndan hüjümleriň artan, ýurdyň Demirghazyk Kiwu we Ituri welaýatlarynda howpsuzlygyň gözegçilik astyna alynmagy üçin 2021-nji ýylyň 7-nji maýynda "harby taýdan gabaw" yglan edipdi. 

Harby gabaw astyndaky sebitlerde işleýän raýat resmileri wezipelerinden çetleşdirilip, olaryň ýerlerine harby resmiler bellendi. 



Degişli Habarlar