Putiniň Siriýa Boýunça Ýörite Wekili Eýranda Saparda Bolýar

Wladimir Putiniň Siriýa boýunça ýörite wekili Lawrentýew, Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Abdullahiýan bilen duşuşdy.

1736774
Putiniň Siriýa Boýunça Ýörite Wekili Eýranda Saparda Bolýar

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksandr Lawrentýew, Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Abdullahiýan bilen paýtagt Tähranda duşuşdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Siriýanyň paýtagt Damaskdan soň Tährana baran Lawrentýew bilen Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşinin, Abdullahiýan bilen özara gatnaşyklar, sebitde we Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Abdullahiýan duşuşykda, Astana etabynyň çäginde siriýalylaryň öz aralarynda geçirjek gepleşikleriniň, şol ýurtdaky krizisiň syýasy taýdan çözülmeginiň ýeke-täk ýoly bolup biljekdigini nygtady.

Eýranly ministr Russiýa bilen edilýän hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändiklerini belledi.



Degişli Habarlar