Fuat Oktaý Gresiýa reaksiýa bildirdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, sosial media hasabyndan mesele bilen bagly beýanat berdi

1736913
Fuat Oktaý Gresiýa reaksiýa bildirdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň içinde bosgunlar bolan gaýyklary Türkiýäniň suw giňişligine itmegi we bosgunlara erbet daramagy bilen baglanşykly: "Adamzat gymmatlyklary Egeý deňizinde ýene-de bir gezek basgylandy" diýip reaksiýa bildirdi. 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, sosial media hasabyndan Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň içinde bosgunlar bolan gaýyklary Türkiýäniň suw giňişligine itýändigini, gaýygyň töwereginde turbulentlik emele getirýändigini we od açýandygyny görkezýän wideo paýlaşdy. 

Ýewropa Komissiýasynyň Bosgunlardan we howpsuzlykdan jogapkär ýolbaşçysynyň orunbasary Margaritis Shinas bilen geçen hepdäniň şenbe güni geçiren duşuşygynda, Gresiýanyň bosgunlary yzyna itmeginiň kabul edilmejekdigini, Fronteks bilen Gresiýanyň resmileriniň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmekleri baradaky tamalarynyň söhbetdeşine ýetirendigini aýdan Fuat Oktaý: "Adamzat gymmatlyklary Egeý deňizinde ýene-de bir gezek basgylandy" diýip nägilelik bildirdi. 



Degişli Habarlar