Belarus-Polşa Serhedindäki Immigrantlaryň Ýagdaýy Agyrlaşýar

Esasy bölegi yrakly we siriýaly 2 müň adamyň 2 hepdeden bäri ýapyk ýerdäki gündelik durmuş şertleri gün saýyn agyrlaşýar.

1736725
Belarus-Polşa Serhedindäki Immigrantlaryň Ýagdaýy Agyrlaşýar

Belarus-Polşa serhedinde, Ýewropa gitmek maksady bilen ýola çykan we ýapyk ýerde birnäçe günden bäri garaşýan immigrantlaryň saglyk ýagdaýy gün saýyn agyrlaşýar.

Belarusyň Grodno şäherindäki Bruzmi sehetgalasynda logistiki merkeze getirlen zenanlar we çagalar bilen birlikde esasy bölegi yrakly we siriýaly 2 müň adamyň 2 hepdeden bäri ýapyk ýerdäki gündelik durmuş şertleri gün saýyn agyrlaşýar.

Belarusyň halky, Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi we Içeri işler ministrligi bilen birlikde Belarusyň ýaragly güýçleri serhetde garaşýanlara kömek etmek üçin ellelerinden geleni edýär emma immigrantlaryň şertleri agyrlaşýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliýeti serhetde barlag geçirdi.

Wekiliýete immigrantlaryň ýagdaýy hakynda maglumat beren Belarusyň Wise-prezidenti Ýuriý Karaýew, merkezdäkilere 24 sagadyň dowamynda saglygy goraýyş hyzmadynyň berilýändigini, häzire çenli 100 adamyň dümew,  gripp we süýji kesel sebäpli hassahanada bejergi astyna alynandygyny belledi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliýetiniň agzalary, Belarus-Polşa serhedinde ýagdaýyň agyrlaşýandygyny nygtap “Serhetde garaşýanlaryň esasy bölegi ýurtlaryna dolanmak isleýär. Biz olara lukmançylyk kömeginiň berilmegi meselesinde wada berdik” diýdiler.

 

 

 

 


Etiketkalar: #şert , #immigrant , #Polşa , #Belarus

Degişli Habarlar