ABŞ-da sürüji ulagyny adamlaryň üstüne sürdi

ABŞ-nyň Wiskonsin ştatynda sürüjileriň biriniň ulagyny adamlaryň üstüne sürmegi netijesinde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy mälim edildi

1736760
ABŞ-da sürüji ulagyny adamlaryň üstüne sürdi

Sosial mediada paýlaşylan wideo ýazgylarynda, ştatyň Waukeşa şäherinde sürüjiniň gyzyl ulagyny Roždestwo baýramy mynasybetli açylan geçelgedäki adamlaryň üstüne sürendigini görüp bolýar. Wideoda wakanyň başdan geçirilen wagty howsala düşen adamlary we ýaralanan adamlary görüp bolýar. 

Waukeşa şäheriniň Polisiýa gullygynyň başlygy Dan Thompson wakada ýogalan adamlaryň bardygyny beýan etdi, emma näçe adamyň ýogalandygy barada maglumat bermedi. 

12-si çaga jemi 23 adamyň ýaralanandygyny aýdan Thompson, şübhe astynda bolan 1 adamyň bolsa göz tussaglygyna alynandygyny aýan etdi. 


Etiketkalar: #Roždestwo , #ulag , #Wiskonsin

Degişli Habarlar