Russiýa Bilen Ýüze Çykjak Dartgynlygyň Bütin Ýewropa Üçin Agyr Netijeleri Bolar

Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksiý Reznikow ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Astin bilen duşuşdy.

1735939
Russiýa Bilen Ýüze Çykjak Dartgynlygyň Bütin Ýewropa Üçin Agyr Netijeleri Bolar

Russiýa Ukraina serhedine ýakyn etraplara harby güýç getirmäge dowam edýärkä Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksiý Renikow ABŞ-nyň paýtagty Waşingtona sapar gurady.

Oleksiý Reznikow ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Astin bilen Pentagonda duşuşyk geçirdi.

Pentagondan berilen ýazmaça beýannamada; “Ministrler Russiýanyň durnuklylygy bozýan hereketleri bilen birlikde käbir howpsuzlyk meselelerini seljerdi we 31-nji awgustda gol çekişilen ABŞ-Ukraina Strategik Goranyş ylalaşygyna laýyklykda kesgitlenen bilelikdäki ugurlar boýunça işleşmek üçin ylalaşdy” diýilýär.

Duşuşykdan ozal metbugata gysgaça beýannama beren Astin; “Rus agressiwligine garşy bilelikde işleşmek we Gara deňiziň howpsuzlygy, kiber goranyş we maglumat alyşmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrmak üçin nähili işleşjekdigimiz hakynda pikir alyşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýdi.

Reznikow bolsa Ukrainanyň ABŞ bilen strategik gatnaşyklaryny we ABŞ-nyň rus agressiwligine garşy durmaga berýän goldawyna kanagatlanma bildirdi.

Ukrainanyň esasanda çylşyrymlyrus hüjümlerine garşy durmakda ABŞ bilen ýaranlygy güýçlendirmekde ygrarlydygyny aýdan Reznikow; “Russiýanyň Ukrainada şertleri dartgynlaşdyryp biljekdigini iňňän gowy bilýäris. Biz ýurdumyzy we çagalarymyzyň gelejegini goramaga taýar. Ýüze çykmagy ähtimal dartgynlygyň bütin Ýewropa üçin agyr netijeleri bolar. Onuň bolup bolmajakdygy şol agressiwlige garşy medeni dünýäniň jebisligine we ygrarly pozisiýasyna bagly” diýdi.

 



Degişli Habarlar