Britaniýa F-35 Üçin ABŞ-dan Ýardam Sorady

Iňlis goşuny Ortaýer deňizine gaçan F-35 kysymly harby uçaryň deňizden çykarylmagy üçin ABŞ-dan kömek sorady.

1736046
Britaniýa F-35 Üçin ABŞ-dan Ýardam Sorady

Iňlis goşuny Ortaýer deňizine gaçan F-35 kysymly harby uçaryň deňizden çykarylmagy üçin ABŞ-dan kömek sorady.

“Taýms” žurnalynyň habaryna görä goranmak ministrliginiň resmilerinden biri birnäçe ýurduň şol çuňlukdan uçar çykarma mümkinçiligine eýedigini beýan edip, ABŞ-dan ýardam sorandyklaryny aýtdy.

Ispaniýadaky amerikan topary we degişli enjamlar sebite ugradyldy. Iňlisler bolsa uçaryň deňiz düýbündäki ýerini tapmady.

Uçaryň deňize gaçan ýerinden daşlaşma ähtimallygy hem seljerilýär. Resmilerden biri tapylan halatynda uçaryň galyndysynyň enjamlar arkaly çykarylmagynyň ýeňil boljakdygyny beýan etdi.

Uçaryň Russiýanyň eline geçmezligi üçin hem çäreler görüldi. İňlis deňiz floty uçaryň deňize gaçan ýerinde garaşýan bolsa, Harby howa güýçleriniň adynyň tutulmagyny islemedik resmisi; “Ruslaryň F-35 kysymly uçara eýe bolmak isleýändigini anyk bilýärin. Onuň iş ýüzüne geçmesi logistiki taýdan biziňkä meňzeşdir. Galyndyny halas etmäge synanşmaklary hakykata bap gelmez we şeýle hereket diplomatik dartgynlyga sebäp bolar” diýdi.

120 million gymmaty bolan iňlis F-35 kysymly harby uçar düýn adaty uçuşynyň dowamynda Ortaýer deňizine gaçypdy. Uçarman halas bolupdy.



Degişli Habarlar