Pentagon Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon, ABŞ-nyň Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň modernizasiýa zerurlyklaryny ykrar edýändigini habar berdi

1735464
Pentagon Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

16-njy noýabrda Pentagonda geçirilen Türkiýe-ABŞ Goranmak ministrlikleriniň arasyndaky Ýokary derejeli goranyş toparynyň maslahaty bilen bagly Pentagon beýanat berdi.

Amerikan wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Goranmak ministriniň orunbasary Laura Kuperiň Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň modernizasiýa zerurlyklaryny ykrar edýändigini aýdandygy bellenen beýanatda: "Wekiliýetler ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin bilen Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň arasyndaky duşuşyklaryň dowamy häsýetinde ençeme funksional we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar" diýip habar berildi. 

Gepleşikleriň barşynda terrorizm we Owganystan, Afrika, Günorta Kawkaz, Gündogar Ortaýer deňizi we Ýakyn Gündogarda howpsuzlyk meseleleriniň ele alynandygy bellenen beýanatda, Kuperiň şol bir wagtda Gara deňizdäki hyzmatdaşlygyň hem üstünde durup geçendigi mälim edildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden geçirilen duşuşyk bilen bagly berilen beýanatda bolsa, wekiliýetleriň arasyndaky maslahatyň oňyn we konstruktiw häsýetde geçendigi aýan edilipdi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Pentagon , #ABŞ

Degişli Habarlar