Lukaşenko Bilen Putin, Belarus-Polşa Serhedindäki Immigrant Krizisi Hakynda Pikir Alyşdy

Aleksandr Lukaşenko bilen Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1734753
Lukaşenko Bilen Putin, Belarus-Polşa Serhedindäki Immigrant Krizisi Hakynda Pikir Alyşdy

 

Belarus hökümetinden berlen beýannama görä, Prezident Aleksandr Lukaşenko bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Belarus-Polşa serhedindäki ýagdaý we Russiýa bilen Belarusyň arasynda goranyş pudagynda edilýän gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

Beýannamada Putin bilen Lukaşenkonyň Ukrainadaky ýagdaý bilen ABŞ-nyň Russiýa serhedinde we Garadeňizde geçirýän harby türgenleşikleri hakynda pikir alyşandygy, Lukaşenkonyň Germaniýanyň Federal Kansleri Merkel bilen geçiren telefon söhbetdeşligi hakynda Putine maglumat berendigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar