Lukaşenko Bilen Merkel Immigrant Krizisi Hakynda Pikir Alyşdy

Lukaşenko bilen Merkel telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1734598
Lukaşenko Bilen Merkel Immigrant Krizisi Hakynda Pikir Alyşdy

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Lukaşenko bilen Merkeliň arasyndaky telefon söhbetdeşligi 50 minut dowam etdi.

Lukaşenko bilen Merkel telefon söhbetdeşliginde Belarus-Polşa serhedinde başdan geçirilýän immigrant krizi hakynda pikir alyşdy.

Iki lideriň Beşarus-Polşa, Belarus-Latwiýa we Belarus-Litwa serhedindäki immigrantlaryň ýagdaýy, immigrantlara ynsanperwer kömeginiň berilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşandygy nygtaldy.

Belarus-Polşa serhedinde 8-nji noýabrdan bäri, Ýewropa gitmek üçin Yrakdan we Siriýadan gelip Belarusyň üsti bilen Polşa geçmäge çalyşýan zenanlar we çagalar bilen birlikde 2 müňden gowrak adam, tokaýlyk meýdanda garaşýar.



Degişli Habarlar