Russiýa Belarussiýa-Polşa serhedindäki immigrant krizis bilen bagly beýanat berdi

Dmitriý Peskow, Belarussiýa-Polşa serhedindäki immigrant krizisi bilen baglanşykly metbugat işgärlerine beýanat berdi

1734198
Russiýa Belarussiýa-Polşa serhedindäki immigrant krizis bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Belarussiýa-Polşa serhedindäki immigrant krizisi bilen baglanşykly Russiýanyň araçy hökmünde kömek berip biljekdigini aýan etdi. 

Dmitriý Peskow, Belarussiýa-Polşa serhedindäki immigrant krizisi bilen baglanşykly metbugat işgärlerine beýanat berdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň, ozal immigrant krizisiniň çözülmegi üçin mümkin bolan ähli ýagdaýda kömek bermäge taýardygy baradaky sözleriniň ýatladylmagy bilen bagly Peskow, Belarussiýa-Polşa serhedindäki immigrant krizisi bilen baglanşykly Russiýanyň araçy hökmünde kömek berip biljekdigini beýan etdi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň Belarussiýa-Polşa serhedindäki immigrant krizisiniň Belarussiýa bilen Russiýanyň hökümetlerini jogapkär görýändigi we şol ýol bilen Russiýanyň Ukraina serhedindäki ädimlerden ünsleri başga tarapa çekmegi maksat edinýändigi baradaky öňe sürmelere jogap beren Peskow: "Bu beýanaty ýalňyş görýäris" diýip belledi. 

Peskow serhetdäki ýagdaý bilen baglanşykly ähli günäni Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýüklemegiň ýalňyş boljakdygyny  belläp, serhetde bolan we eýýäm 1 hepde bäri sowuk şertlerde ýaşaýan birnäçe müň adamyň janyna hiç kimiň alada bildirmeýändigini habar berdi. 



Degişli Habarlar