“Immigrant Krizisinden Belarus Hökümeti Bilen Russiýa Jogapkär”

Blinken bilen Polşanyň Daşary işler ministri Rau telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1733841
“Immigrant Krizisinden Belarus Hökümeti Bilen Russiýa Jogapkär”

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Polşa-Belarus serhedinde başdan geçirilýän immigrant krizisinden Belarus hökümeti bilen Russiýanyň jogapkärdigini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs, Blinken bilen Polşanyň Daşary işler ministri Rauynyň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy.

Praýsyň telefon söhbetdeşligi hakynda beren ýazmaça beýannamasyna görä, Blinken, Polşa-Belarus serhedinde başdan geçirilýän immigrant krizisinden Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen Russiýanyň jogapkärdigini nygtady.

Beýannamada, Blinkeniň  Belarusyň “immigrantlary öz bähbidi üçin ulanýandygyna” ünsi çekendigi bellenildi.

Russiýanyň ünsleri Ukraina serhedinde başdan geçirilýän wakalara däl eýsem başga tarapa çekmegi maksat edinýändigi nygtaldy.

Blinkeniň, Belrusa we Russiýa garşy Günbatarly ýurtlar tarapyndan goýlan sanksiýalaryň artdyrlyp bilinjekdigi barada duýduryş berendigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar