Burkina-Faso döwletinde harbylara garşy terrorçylykly hüjüm guraldy

Burkina-Fasonyň Sahel sebitinde ýurdyň goşunynyň nyşana alynyp guralan terrorçylykly hüjümde 20 esger ýogaldy

1734007
Burkina-Faso döwletinde harbylara garşy terrorçylykly hüjüm guraldy

Ýurdyň Howpsuzlyk ministri Maksime Kone, milli radio beren beýanatynda, ülkäniň demirgazygynda ýerleşýän Soum etrabyndaky Žandarma güýçleriniň terrorçylykly hüjüme sezewar galandygyny, hüjümde 20 esgeriň ýogalandygyny habar berdi. 

Goňşy ýurt bolan Malidäki Al Kaýda we DAIŞ ýaly terror guramalary bilen arabaglanşykly bolan terrorçylykly toparlar, 2015-nji ýyldan bäri Burkina-Fasonyň demirgazygynda we gündogarynda ýygy-ýygydan hüjümler guraýar. 

Burkina-Faso Sahel sebitindäki beýleki goňşysy bolan Niger döwleti bilen bilelikde operasiýalar geçirsede, Mali döwletinde ýerleşýän terrorçy toparlaryň güýjüni gowşatmaýar. 

BMG tarapyndan berilen habara görä şu ýylyň başyndan bäri 17 müň 500 adam howpsuzlyk aladalary sebäpli ýurdy terk etmäge mejbur galdy. 



Degişli Habarlar