Beýik Britaniýada partlama boldy

Beýik Britaniýanyň Liwerpul şäherindäki hassahanalaryň biriniň öňünde duran ulaglaryň biriniň partlamagy sebäpli 1 adam ýogaldy, 1 adam ýaralandy

1733991
Beýik Britaniýada partlama boldy

Merseyside sebitiniň Polisiýa gullugy, waka bilen bagly beren beýanatynda, ýerli wagt bilen sagat 10:59-da Liwerpul şäheriniň "Woman's Gospital" atly hassahananyň golaýyndaky ulaglaryň biriniň partlandygy habar berildi. 

Beýanatda 1 adamyň ýogalandygy, ýaralanan 1 adamyň bolsa bejergi astyna alynandygy mälim edildi. 

Merseyside sebitiniň Polisiýa gullugynyň metbugat geňeşçisi wakanyň terrorçylykly waka hökmünde yglan edilmändigini, emma derňew işiniň terrora garşy göreş bölüminiň detektiwleri tarapyndan alynyp barylýandygyny aýan etdi. 

Beýik Britaniýanyň Içeri işler ministri Priti Patel Twitterden beren beýanatynda, Liwerpul şäheriniň "Woman's Gospital" atly hassahananyň golaýynda başdan geçirilen waka bilen bagly dowamly maglumat alýandygyny belläp: "Polisiýa gullugymyz we tiz kömek gulluklarymyz näme bolandygyny anyklamak üçin üstünde köp işleýärler" diýip habar berdi. 

Wakanyň näme sebäpli bolandygy bilen bagly entek resmi beýanat berilmedi. 



Degişli Habarlar