Kişida Ýaponiýanyň 101-nji Mremýer-Ministri Hökmünde Saýlandy

Kişida, mejlisde geçirlen saýlawda 297 ses bilen ýaňadandan premýer-ministrlige saýlandy.

1731875
Kişida Ýaponiýanyň 101-nji Mremýer-Ministri Hökmünde Saýlandy

Ýaponiýada geçirlen saýlawyň ýeňijisi Liberal demokrat partiýasynyň başlygy Kişida Fumio ýaňadandan premýer-ministrlige saýlandy.

Ýapon parlamentinde 31-nji oktýabrda geçirlen saýlawdan soň ilkinji oturluşyk geçirildi.

465 kürsüli mejlisde 261 kürsä eýe bolan Liberal demokrat partiýanyň premýer-ministrlige dalaşgäri Kişida Ýaponiýanyň 101-nji premýer-ministri hökmünde saýlandy.

Hökümetiň şärigi Komeito partiýasy tarapyndan hem goldanýan Liberal demokrat partiýanyň dalaşgäri Kişida, mejlisde geçirlen saýlawda 297 ses bilen ýaňadandan premýer-ministrlige saýlandy.

Kişida Fumionyň ministrler kabinetiniň agzalaryny hepdäniň dowamynda bellemegine garaşylýar.



Degişli Habarlar