Ýaponiýa 9 Emeli Hemra Göterýan “Epsilon-5” Raketasyny Uçurdy

Raketanyň göwrümi 2,6 metr, uzynlygy 26 metr we agramy 96 tonna barabar.

1731246
Ýaponiýa 9 Emeli Hemra Göterýan “Epsilon-5” Raketasyny Uçurdy

Ýaponiýanyň Kosmos barlaglary gullugy raketanyň günorta günbatardaky Kagoşimada ýerleşýän Uçinoura Kosmos bekedinden uçurylandygyny habar berdi.

10 sany milli ylmy institut tarapyndan öndürilen raketanyň göwrümi 2,6 metr, uzynlygy 26 metr we agramy 96 tonna barabar.

Raketanyň gaty ýangyç sarp edýändigi we ornaşdyrylan emeli zehin arkaly uçurlyş we önümçilik gymmatynyň azalandygy habar berildi.

Älem giňişligi boýunça barlaglar geçirýän ylmy merkezler bilen firmalaryň höweslendirilmegini nazarda tutýan we 9 emeli hemrany göterýän “Epsilon-6” traketasynyň 5,8 milliard ýene öndürilendigi mälim edildi.

“Kýodo” habarlar gullugynyň beýan etmegine görä Ýaponiýanyň Kosmos barlaglary gullugy soňky gezek 2019-njy ýylyň ýanwarynda “Epsilon” kysymly raketa uçurypdy.

 



Degişli Habarlar