Gruziýada Saakaşwilä Goldaw Bermek Üçin Ýöriş Geçirildi

Grziýanyň ozalky Prezidenti Mihail Saakaşwilä goldaw bermek üçin protest ýörişi geçirildi

1731333
Gruziýada Saakaşwilä Goldaw Bermek Üçin Ýöriş Geçirildi

Gruziýada 1-nji oktýabrda saklanandan bäri açlyk yglan eden Grziýanyň ozalky Prezidenti Mihail Saakaşwilä goldaw bermek üçin protest ýörişi geçirildi

Saglyk ýagdaýynyň agyrlaşmagynyň öňüni almak üçin Rustawi şäherindäki 12-nji tussaghanadan paýtagt Tibiliside ýerleşýän 18-nji tussaghana getirilen Saakaşwilä goldaw bermek isleýänler Tibiliside ýöriş geçirdiler.

Azatlyk meýdanynda müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen mitingde çykyş eden oppozisiýada Birleşen milli hereketiň Başlygy Nika Melia Saalaşwiliniň boşadylmagyny talap edýändiklerini aýtdy.

Melia Saakaşwiliniň ilki “amatly” keselhanalardan birine geçirilmelidigini nygtady.

Saakaşwiliniň boşadylmagy üçin şu günden başlap Tibiliside demonstrasiýalaryň dowam etjekdigini beýan eden Melia, Premýer ministriň iş ofisi bolan höklümet binasynyň daşyny gurşaw astyna almaga karar berendiklerini aýtdy.

Melia Adalat ministrliginiň we beýleki döwlet edaralarynyň öňünde-de protestleriň dowam etjekdigini mälim etdi.

Gruziýanyň howpsuzlyk güýçleri hökümet binasynyň we parlamentiň öňünde ýokary howpsuzlyk çärelerini gördüler.



Degişli Habarlar