Tunisdäki sil apatynda 3 adam ýogaldy

Tunisde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda 3 adam ýogaldy

1724382
Tunisdäki sil apatynda 3 adam ýogaldy

Tunisde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli sil apaty emele geldi. Sil apatynda 3 adamyň ýogalandygy, kyn ýagdaýda galan köp sanda adamyň bolsa halas edilendigi mälim edildi. Raýat goranyş edarasynyň metbugat sekretary Moeza Teraa, ýurdyň Tala şäherinde täsirli bolan sil apatynda bir ulagyň içinde bolup sile gapylan 20 we 27 ýaşyndaky 2 adamyň jesetleriniň tapylandygyny habar berdi. 

Teraa ýurdyň paýtagty Tunis şäheriniň golaýyndaky Bordž Çaker sebitinde başdan geçirilen sil apatynda bolsa 24 ýaşyndaky bir adamyň ýogalandygyny mälim etdi. Ýygy-ýygydan sil apatynyň başdan geçirilýän Tunisde 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda bolan sil apatynda 3-si çaga jemi 6 adam ýogalypdy. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Tunis

Degişli Habarlar