Hytaýda uniwersitediň laboratoriýasynda partlama boldy

Hytaýda uniwersitetleriň biriniň laboratoriýasynda bolan partlamada 2 adam ýogaldy

1724369
Hytaýda uniwersitediň laboratoriýasynda partlama boldy

Hytaýyň Global telewideniýe torunyň berýän habaryna görä, ýangyn söndüriji toparlar ýurdyň Nanžing şäherindäki Awiasia we älem giňişligi ylymlary uniwersitetiniň Material ylymy we tehnologiýa bölüminiň laboratoriýasynda partlamanyň bolandygyny habar berdi. 

Partlamada 2 adamyň ýogalandygyny aýdan resmiler, ýaralanan 9 adamyň bolsa hassahanada bejergi astyna alynandygyny aýan etdiler.

Partlama bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 



Degişli Habarlar