BioNTech Sanjymynyň 3-nji Dozasy 95,6 Göterim Netije Berdi

Amerikanyň “Pfizer” we Germaniýanyň “BioNTech” firmalarynyň bilelikde öndüren sanjymynyň 3-nji dozasynyň 95,6 göterim netije berendigi mälim edildi.

1723380
BioNTech Sanjymynyň 3-nji Dozasy 95,6 Göterim Netije Berdi

Berilen beýannama görä 16 ýaşdan ýokardaky 10 müň adamyň gatnaşmagynda geçirilen barlagda kesele garşy 95,6 göterim netije alyndy.

“Pfizer” firmasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Albert Burla; “Bu netijeler adamlary keselden gowy goramagy maksat edinendigimiz üçin goşmaça doza sanjymyň peýdasy boýunça bize esas berýär” diýdi.

Şol barlaglara gatnaşanlaryň 55,5 göterimini 16-55 ýaş, 23,3 göterimini bolsa 65 we ondan ýokardaky ýaşdakylardan ybaratdygy habar berildi.

“Pfizer” firmasy mundan ozalam sanjymyň netijeliliginiň 2 dozadan soňky 4 aýyň dowamynda 96 göterimden 84 göterime çenli azalandygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar