Belarus, Fransuz Ilçisini Ýurdundan Çykardy

Ilçi Lakosteniň, Belarusyň Prezidenti Lukaşenko ynanç hatyny gowşyrmazlygy iki ýurduň arasynda diplomatik krizise sebäp boldy

1721117
Belarus, Fransuz Ilçisini Ýurdundan Çykardy

 

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ynanç hatyny gowşurmadyk Fransiýanyň Belarusdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolas de Lakoste ýurtdan çykaryldy.

Dekabr aýynda Fransiýanyň Belarusdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde belleen Nikolas de Lakoste wezipesine başlamagyndan soň Belarusyň Daşary işler ministri Wladimir Makeýe ynaç hatyny gowşurypdy.

Lakosteniň, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ynanç hatyny gowşyrmazlygy iki ýurduň arasynda diplomatik krizise sebäp boldy.

Belarus, Ilçi Lakosteniň ýurtdan gitmegini isledi we Fransiýanyň Belarusdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolas de Lakoste düýn paýtagt Miskiden gitdi.

Belarusda 2020-njy ýylyň 9-njy awgustda geçirlen prezident saýlawlarynda ýurdy 27 ýyldan bäri dolandyrýan Lukaşenko üstünlik gazanypdy.

Oppozisionerler saýlawda galplyk edilendigini öňe sürüp halkyň köçä çykmagy üçin çagyryş beripdi.

Belarusda birnäçe aý dowam eden protest ýörişlerinde müňlerçe adam ýaralanypdy, müňlerçe adam hem saklanypdy.

Käbir protestçylar bolsa howpsyzlyk güýçleri bilen bolan çaknyşykda ýogalypdy.

ÝB, Belarusda geçirlen saýlawdan soň Lukaşenkonyň ýolbaşçylygyndaky hökümeti ykrar etmeýändiklerini mälim edipdi.

Belarusda başdan geçirilýän içerki syýasy dartgynlyk sebäpli Ýewropa ýurtlary bilen başlan diplomatik dartgynlyk hem dowam edýär.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar