“ABŞ, Oppozisiýa Bilen GeçirilýänGepleşikleriň Bes Edilmeginden Jogapkär”

Maduro, ABŞ-nyň oppozisia bilen 13-nji awgustdan bäri dowam edýän gepleşikleriň bes edilmegine sebäp bolandygyny aýtdy.

1720967
“ABŞ, Oppozisiýa Bilen GeçirilýänGepleşikleriň Bes Edilmeginden Jogapkär”

 

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro, oppozisiýa bilen dowam edýän gepleşikleriň bes edilmeginden ABŞ-dan jogapkärdigini nygtady.

WTW teleýaýlymyna beýannama beren Maduro, ABŞ-nyň oppozisiýa bilen 13-nji awgustdan bäri dowam edýän gepleşikleriň bes edilmegine sebäp bolandygyny aýtdy.

Maduro, “ABŞ, Meksika dialog komissiýasynyň agzasy Aleks Saabi saklamak bilen Meksikadaky gepleşiklere uly zeper ýetirendigini bilýärdi. ABŞ muny bilýändigi üçin herekete geçdi. ABŞ gepleşikleriň geçirilmegini we Wenesuelada parahatçylygyň ýola goýulmagyny islemeýär” diýdi.

Maduro, oppozisiýa bilen geçirilmegi meýilleşdirlen 4-nji tapgyr gepleşikleriniň saklanmagy üçin görkezme berendigini belledi.

Beýleki tarapdan oppozisionerleriň wekilleri şu gün hökümete gepleşikleriň ýaňadandan başlamagy üçin çagyryş berdi.



Degişli Habarlar