Gruziýada Saakaşwiliniň Boşadylmagy Üçin Protest Ýörişi Geçirildi

Saakaşwiliniň boşadylmagyny talap edýän müňlerçe adam Azatlyk meýdanynda bir ýere jemlenişdi.

1720360
Gruziýada Saakaşwiliniň Boşadylmagy Üçin Protest Ýörişi Geçirildi

Gruziýanyň paýtagty Tibliside 1-nji oktýabrda saklanan ýurduň ozalky Prezidenti Mihail Saakaşwiliniň boşadylmagy üçin müňlerçe adamyň gatnaşmagynda protest ýörişi geçirildi.

Rustawi şäherindäki 12-nji tussaghanada 13 gün ozal yglan eden açlygyny dowam etdirýän Saakaşwiliniň boşadylmagyny talap edýän müňlerçe adam Azatlyk meýdanynda bir ýere jemlenişdi.

Saakaşwili tarapyndan gurlan oppozisiýadaky Birleşen milli hereket tarapyndan geçirilen ýörişe ýurduň çar tarapyndan gelen müňlerçe adam gatnaşdy.

Proters ýörişinde çykyş eden syýahatçylar, sungat ussatlary we žurnalistler, Saakaşwilä töhmet atylýandygyny öňe sürdi.

8 ýyl soň 1-nji oktýabrda ýurduna gelen Gruziýanyň ozalky Prezidenti Mihail Saakaşili galplyk edendigi sebäpli saklanypdy we Rustawi şäherindäki tussaghana alnyp gidilipdi.



Degişli Habarlar