Nigeriýada Ýaragly Toparlara Garşy Geçirlen Operasiýada 76 Adam Tussag Edildi

2008-nji ýylda çopanlar bilen daýhanlaryň arasynda başlan çaknyşyklar, 2015-nji ýyldan bäri zamun alma we talaňçylyk wakalaryna öwrüldi.

1719389
Nigeriýada Ýaragly Toparlara Garşy Geçirlen Operasiýada 76 Adam Tussag Edildi

Günbatar Afrika ýurdy Nigeriýada, terror guramasy Boko Haramyň iş alyp barýan Borno welaýatynda ýaragly toparlara garşy geçirlen operasiýada 76 adam tussag edildi.

Içeri işler müdüri Uman Abdu, metbugata beren beýannamasynda, ýaragly toparlara garşy birnäçe etrapda operasiýa geçirendiklerini nygtady.

Operasiýalarda ýaragly toparlara agza 76 adamyň tussag edilendigini aýdan Abdu, köp sanly ýaragyň we ok-däriniň hem ele geçirlendigini ýatlatdy.

Nigeriýada 2008-nji ýylda çopanlar bilen daýhanlaryň arasynda başlan çaknyşyklar, 2015-nji ýyldan bäri zamun alma we talaňçylyk wakalaryna öwrüldi.

Ýurtda soňky 3 aýda ýaragly toparlaryň arasynda bolan çaknyşyklarda 1000-den gowrak adam ýogaldy.



Degişli Habarlar