Iňlis Firmasynyň 35 Emeli Hemrasy Soýuz-2.1 B Bilen Uçuryldy

Iňlis “One Web” firmasyna degişli ýene-de 35 emeli hemra Russiýanyň Soýuz-2.1 B raketasy bilen älem giňişligine uçuryldy.

1719697
Iňlis Firmasynyň 35 Emeli Hemrasy Soýuz-2.1 B Bilen Uçuryldy

Internetiň tizligini ýokarlandyrmak maksady bilen dizaýn edilen iňlis “One Web” firmasyna degişli 36 aragatnaşyk hemrasy Russiýanyň önümi bolan Soýuz-2.1B raketasy bilen Gazagystanyň Baýkonur Kosmos bazasyndan älem giňişligine uçuryldy.

Russiýanyň Kosmos Gullugynyň “Glawkosmos”, “Arianespaýs” we “Starsem” firmalary bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda uçurylan hemralaryň sany 356-a ýetdi.

“Roskosmos” we “One Web” firmasy mundan ozal ylalaşyk hakynda beren beýanatynda 2022-nji ýyla çenli 648 emeli hemranyň älem giňişligine uçurylmagynyň nazarda tutulýandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar