Yrakda Geçirlen Saýlawda Sadr Topary Üstüklik Gazandy

Şaýy lider Mukteda As Sadryň ýolbaşçylygyndaky Sadr topary 329 kürsüli mejlisde 73 kürsä eýe boldy.

1718175
Yrakda Geçirlen Saýlawda Sadr Topary Üstüklik Gazandy

Yrakda geçirlen saýlawlaryň resmi bolmadyk netijesine görä, Mejlisde 73 kürsi bilen wekilçilik etmäge hukuk gazanan Sadr topary üstüklik gazandy.

Yragyň resmi habar gulluklarynda berlen habara görä, saýlawyň ilkinji netijelerine görä, Şaýy lider Mukteda As Sadryň ýolbaşçylygyndaky Sadr topary 329 kürsüli mejlisde 73 kürsä eýe boldy.

Mejlisiň ozalky başlygy Muhammed Halbuiniň ýolbaşçylygyndaky Takaddum partiýasy 38 kürsi bilen mejlisde wekilçilik etmäge hukuk gazandy.

Saýlawda üçünji orny eýelän ozalky Premýer-ministr Nuri Al Malikiniň Kanun döwleti koalisiýasy hem 37 kürsä eýe boldy.

Ýurtda ABŞ-nyň 2003-nji ýyldaky basyp alyşlygyndan soň 5-nji gezek geçirlen saýlawa bolan gatnaşyk diýseň pes boldy.

Saýlawda bellige alynan saýlawçylaryň diňe 41 göterimi ses berdi.

 


Etiketkalar: #Sadr hereketi , #saýlaw , #Yrak

Degişli Habarlar