Wujij Lawrowy Kabul Etdi

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujij ýurdunyň harby bitaraplyk poziýasyny dowam etdirjekdigini beýan etdi

1717653
Wujij Lawrowy Kabul Etdi

Wujij Serbiýanyň paýtagty Belgratda Arabaglanşyksyzlar hereketiniň 60 ýyllygy mybasybetli geçiriljek sammite gatnaşmak üçin baran Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.

Geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda söz sözlän Wujij, Lawrow bilen iň içgin duşuşyklaryny geçirendiklerini nygtap: “Sebitdäki şertler we ýurdumyzyň aladalary hakynda pikir alyşdyk. Russiýadan mesele boýunça möhüm maslahatlar aldyk diýip bilerin” diýdi.

Wujij Serbiýanyň harby bitaraplyk pozisiýasyny dowam etdirjekdigine ünsi çekip; “Harby bitaraplyk pozisiýamyz meni buýsandyrýar. Serbiýanyň azatlygyna garşy durýan haýsydyr bir güýje garşy bolsa goranyş ukybymyzy artdyrýarys” diýdi.

Lawrow bolsa Belgrad-Priştina Dialog Tapgyrynda Serbiýanyň bähbitlerine laýyk gelýän çözgüdi goldaýandyklaryny beýan etdi.

Serbiýa bilen hyzmatdaşlygy ýokary derejede dowam etdirjekdiklerini nygtan Lawrow: “Daşary söwda mukdary geçen ýyl bilen deňeşdirilende 17 göterim artdy. Russiýanyň koronawirusa garşy öndüren “Sputnik W” sanjymy Serbiýada bilelikde öndüriler” diýdi.

Lawrow ýurdunyň günbatar Balkan ýurtlarynyň içeri işlerine goşulyşmaýandygyny we basyş etmeýandigini nygtady.

 



Degişli Habarlar