Amerikaly Resmiler Dohada Talibanyň Wekilleri Bilen Duşuşdylar

Duşuşykda Owganystandaky ýagdaýlar hakynda pikir alyşyldy

1717729
Amerikaly Resmiler Dohada Talibanyň Wekilleri Bilen Duşuşdylar

Käbir amerikaly resmileriň oktýabr aýynyň 9-10-y aralygynda Kataryň paýtagty Dohada Talibanyň wekilleri bilen Owganystandaky soňky ýagdaýlar hakynda gepleşikler geçirendikleri habar berildi.

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň metbugat gullugynyň başlygy Ned Praýs ýazmaça beýanatynda amerikaly resmiler bilen Talibanyň arasyndaky gepleşikleriň içgin şertlerde geçendigini mälim etdi.

Talibanyň ýurtda gözegçiligi ýola goýmagyndan soň ilkinji gezek amerikaly resmileriň Talibanyň wekilleri bilen duşuşan bolsa, 9-10-njy oktýabrda Dohada geçirilen gepleşiklere ABŞ-nyň dürli guramalarynyň resmileri gatnaşdylar.

Gepleşiklerde Owganystandan gaýtmak isleýän amerikalylaryň we beýleki ýurtlaryň raýatlarynyň howpsuz çykyşlarynyň üpjün edilmegi esasy meselelerden biri boldy. Aýratynam zenanlaryň ýeterlik derejede wekilçiligi hem-de beýleki adam hukuklary meseleleri seljerildi we ABŞ-nyň owgan halkyna gönüden kömek berjekdigi beýan edildi.

Gepleşiklerde Amerikan tarapy Talibanyň sözlerine däl, eýsem işlerine görä hereket etjekdigi nygtaldy.

Taliban 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda paýtagt Kabuly gurşap alyp, dolanşygy parahatçylykly ýollardan kabul edip alypdy. Prezident Aşraf Gani bolsa şol günüň agşamynda ýurtdan çykypdy.

 



Degişli Habarlar