Ýaponiýadaky Ýer Titremesinde 32 Adam Ýaralandy

Düýn Ýaponiýada bolan 5,9 bala barabar ýer titremesinde 32 adamyň ýaralanandygy habar berildi

1716669
Ýaponiýadaky Ýer Titremesinde 32 Adam Ýaralandy

Güýç merkezi Çiba şäherinde bolan ýer titremesi sebäpli Kanto sebitinde ulag gatnawyndan uly bökdençlikler boldy.

Tokionyň Adaçi etrabyndaky ýolagçy otlusy ýer titremesinde adatdan daşary ýagdaý tormozuna basyp, relýesden çykdy.

Metropoldaky ençeme otly saparlary wagtlaýynça bes edildi.

Adaçi sebitindäki mekdeplerden biriniň sport zaly uzakly gije bökdelen otly gatnawlary sebäpli öýlerine dolanyp bilmedik ýolagçylar üçin wagtlaýyn gaçybatalga öwrülen bolsa, 3 sanysy relýesden çykan otluda, jemi 32 adam ýaralandy.

Düýn bolan ýer titremesinden soň demir ýol gatnawynda ýüze çykan bökdençlik ençeme otly gatnawynda şu gün hem dowam etdi. İr ertir işe gitmek üçin ýola düşen ýapon raýatlary uzyn nobata durdular.



Degişli Habarlar