Germaniýanyň Federal Kansleri Türkiýä sapar gurar

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel 16-njy oktýabrda Türkiýä sapar gurar

1716990
Germaniýanyň Federal Kansleri Türkiýä sapar gurar

Germaniýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Şteffen Zaýbert paýtagt Berlinde beren beýanatynda Angela Merkeliň 16-njy oktýabrda Stambulda Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşyk geçirjekdigini habar berdi. 

Türkiýä berilýän ähmiýediň üstünde durup geçen Zaýbert: "Türkiýe biz üçin möhüm we ýakyn bir hyzmatdaşdyr. Ýurtlarymyz ençeme ugur boýunça biri-biri bilen bagly" diýip habar berdi. 

Şteffen Zaýbert Germaniýada ýaşaýan millionlarça adamyň kökleriniň Türkiýededigini belläp: "Bular esasanda bu ýurt bilen şahsy köprüleri emele getirýär. Şol sebäpli biz üçin Germaniýanyň hökümeti hökmünde Türkiýe bilen ýakyndan, konstruktiw we ynam içinde bilelikde işleşmek möhüm" diýip mälim etdi. 

Şteffen Zaýbert: "Türkiýäniň geosyýasy ýerleşişi taýdan bizi biri-birimize baglaýan ençeme halkara meseleler bar. Türkiýe NATO-nyň hem agzasydyr" diýip nygtady.



Degişli Habarlar