Pakistanda 5,9 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Ýer titremäniň başdan geçirilen sebitinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär

1716012
Pakistanda 5,9 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Pakistanyň Bulujystan welaýatynda bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 6-sy çaga jemi 20 adam ýogaldy, 300-den gowrak adam ýaralandy. 

Pakistanyň Milli Seýismalogiýa gözegçilik merkezi (NSMC), güýç merkezi Harnai sebitiniň golaýynda bolan ýer titremäniň ýeriň 15 km aşagynda emele gelendigini habar berdi. 

NSMC ýer titremäniň ýerli wagt bilen sagat 03:20-de bolandygyny, Ketta, Sibbi, Pişin we Çaman ýaly ýerlerde hem duýulandygyny mälim etdi. 

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, ýer titremede 6-sy çaga jemi 20 adam ýogaldy, 300-den gowrak adam bolsa ýaralandy. Tebigy apatda köp sanda öýe zeper ýetdi, ýurdyň käbir sebitlerinde ýer süýşgünleri emele geldi. 

Ýer titremäniň başdan geçirilen sebitinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 


Etiketkalar: #ýer titremesi , #Pakistan

Degişli Habarlar