Malide terrorçylykly hüjüm guraldy

Malide harby ulag kerwenine garşy guralan hüjümde 9 esger ýogaldy, 11 esger bolsa ýaralandy

1716280
Malide terrorçylykly hüjüm guraldy

Maliniň goşunynyň Twitter hasabyndan berilen beýanata görä, Bandiagara şäheriniň golaýynda harbylary daşaýan ulag kerweni terrorçy toparlar tarapyndan partlaýjylar bilen nyşana alynyp hüjüm guraldy. 

Hüjümde 9 esger ýogaldy, 11 esger ýaralandy we 3 ulag ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi. 

Beýanatda 15 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi we 20 motosikliň ele salynandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar