Russiýa Demirgazyk Makedoniýaly bir diplomaty islenmeýän adam yglan etdi

Russiýanyň Demirgazyk Makedoniýaly bir diplomaty islenmeýän adam yglan edendigi habar berildi

1714390
Russiýa Demirgazyk Makedoniýaly bir diplomaty islenmeýän adam yglan etdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Demirgazyk Makedoniýanyň awgust aýynda 1 rus diplomaty islenmeýän adam yglan edendigi ýatladyldy. 

Demirgazyk Makedoniýanyň Moskwa şäherindäki ilçihanasynda işleýän ilçiniň wekili Oliwera Çauşewska-Dimowskanyň ministrlige çagyrylandygy bellenen beýanatda: "Ilçiniň wekili Çauşewska-Dimowska, Demirgazyk Makedoniýanyň Moskwa şäherindäki ilçihanasynda işleýän 1 diplomadyň islenmeýän adam yglan edilendigi barada nota berildi" diýip habar berildi. 

Beýanatda ady agzalan kararyň Demirgazyk Makedoniýa tarapynyň awgust aýynda 1 rus diplomady sebäpsiz ýere islenmeýän adam yglan etmegi sebäpli kabul edilendigi mälim edildi. 

Demirgazyk Makedoniýanyň Daşary işler ministrligi 1 rus diplomady islenmeýän adam yglan edendigini 18-nji maýda aýan edipdi. 

Şondan soň Russiýa hem öz gezeginde 10-njy iýunda Demirgazyk Makedoniýaly 1 diplomaty islenmeýän adam yglan edipdi. 

Demirgazyk Makedoniýanyň Daşary işler ministri Buýar Osmani, 17-nji awgustda 1 rus diplomady islenmeýän adam yglan edendiklerini habar beripdi. 



Degişli Habarlar