Ekwadordaky tussaghanalaryň birinde bolan çaknyşyklarda ýogalan adamlaryň sany artdy

Ekwadoryň Döwlet baştutany Guillermo Lasso waka bilen bagly metbugata beýanat berdi

1712570
Ekwadordaky tussaghanalaryň birinde bolan çaknyşyklarda ýogalan adamlaryň sany artdy

Günortma Amerika materiginde ýerleşýän Ekwador döwletinde düýn tussaghanalaryň birinde toparlaryň arasynda ýüze çykan çaknyşykda ýogalanlaryň sanynyň 116-a, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 80 adama ýetendigi mälim edildi. 

Ekwadoryň Döwlet baştutany Guillermo Lasso, geçiren metbugat ýygnagynda ýurtdaky ähli tussaghanalarda 60 gün möhlet bilen adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilendigini habar berdi. 

Ýurdyň Guaýas welaýatynyň Guaýakil şäherindäki Litoral adyndaky tussaghanada bolan çaknyşykda ýogalanlaryň sanynyň 116 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 80 adama ýetendigini aýdan Lasso, wakany bagtsyz hadysa hökmünde häsýetlendirdi. 

Tussaghanalaryň toparlaryň arasynda güýç deňagramlylyklary bilen bagly düşünişmezçiliklere öwrülmeginiň gynandyryjydygyny aýdan Lasso: "Bu hadysalaryň hötdesinden gelmek üçin ilkinji ädimlerimiziň biri ýurt derejesinde ähli tussaghanalarda adatdan daşary ýagdaý yglan etdik" diýip habar berdi. 

Takmynan 38 müň tussaglygynyň bolan Ekwadoryň tussaghanalarynda, toparlaryň arasynda ýüze çykan hadysalar wagtyň geçmegi bilen gozgalaňa öwrülýär. 

Ýurtda 24-nji fewralda 3 aýry şäherde ýüze çykan gozgalaňda 80 tussagly, 23-nji iýulda 2 aýry tussaghanada başdan geçirilen wakalarda bolsa 21 tussagly ýogalypdy. 


Etiketkalar: #waka , #tussaghana , #Ekwador

Degişli Habarlar