ABŞ-da Üç Musulmandan Ikisi İslamafobiýa Sezewar Bolýar

ABŞ-da ýaşaýan her üç musulmandan ikisiniň ömründen azyndan bir gezek Islamafobik çemeleşmere sezewar bolýandygy beýan edildi

1712503
ABŞ-da Üç Musulmandan Ikisi İslamafobiýa Sezewar Bolýar

Kaliforniýa uniwersitetinin Berkeleý Marginallaşdyryş we degişlilik instituty tarapyndan geçirilen sowalnamada musulman gatnaşyjylaryň 67,5 göterimi ömürlerinden azyndan bir gezek İslamafobiýa tejribesini başdan geçirendigini beýan etdi.

Musulman zenanlarda şol mukdar 76,7 göterime deň bolan bolsa, musulman erkekleriň 58,6 götreimi Islamafobik çemeleşmere sezewar bolandyklary beýan edildi.

Sowalnama gatnaşanlaryň 93,7 göterimi bolsa Amerikan jemgyýetinde başdan geçirilýän Islamafobiýanyň umuman emosional we psihiki taýdan zyýan ýetirýändigini beýan etdiler.

Sowalnamada Islamafobik çemeleşmere sezewar bolmazlyk üçin gatnaşyjylaryň 33 göterimine barabary käbir pursatlarda dini degişliliklerini gizlemäge synanşandygyny, 88,2 göteriminiň bolsa garşylyga sezewar bolma gorkusy sebäpli dymmagy ýa-da çetde durmagy saýlap alýandygyny beýan etdi.

Sowalnama ABŞ-da ýaşaýan dürli etniki topardan we ýaşdan ýarysy zenan 1123 musulman gatnaşdy.

ABŞ-da 3,5 milliona barabar musulmanyň ýaşaýandygy çaklanylýar.



Degişli Habarlar