Gresiýanyň Krit adasynda ýer titremesi boldy

Gresiýanyň Krit adasynda 5 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1711332
Gresiýanyň Krit adasynda ýer titremesi boldy

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) internet saýtynda berilen maglumata görä, Gresiýanyň Krit adasynda Türkiýäniň wagty bilen sagat 07:48-de 5 bal ululygynda ýer titremesi boldy. 

Ýer titreme ýeriň takmynan 35 km aşagynda emele geldi. 

Krit adasynda düýn bolsa Türkiýäniň wagty bilen sagat 09:17-de 5,7 bal ululygynda ýer titremesi bolupdy. 

Güýç merkezi Kritiň günortasyndaky Arwis sebiti bolan ýer titremäniň adanyň ähli ýerinde duýulandygy mälim edilipdi.

Arkalohori obasyndaky Profitis Ilias buthanasynyň abatlaýyş işlerinde işleýän 1 adam tebigy apatda ýogalypdy. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Krit , #Gresiýa

Degişli Habarlar