Mali Wagner bilen ylalaşjakdygy baradaky öňe sürmeler barada beýanat berdi

Mali Wagner bilen ylalaşjakdygy baradaky öňe sürmeleriň nädogrydygyny beýan etmedi

1707663
Mali Wagner bilen ylalaşjakdygy baradaky öňe sürmeler barada beýanat berdi

Mali döwletinde 24-nji maýdaky harby agdarlyşykdan soň emele getirilen wagtlaýyn hökümediň Premýer ministri Çogel Kokalla Maýga, rus howpsuzlyk kärhanasy Wagner bilen ylalaşjakdygy bilen bagly öňe sürmeleriň nädogrydygyny beýan etmedi. 

Maýga metbugata beren beýanatynda, Mali bilen Wagneriň arasynda hakyna tutma esgerleriň ýerleşdirilmegi bilen bagly ylalaşygyň baglaşyljakdygy baradaky öňe sürmelere jogap berdi. 

Fransiýanyň bes etjekdigini beýan eden Barkhane operasiýasyny göz öňünde tutan Çogel Kokalla Maýga: "Hyzmatdaşlarymyz käbir sebitlerden çekilmek barada karar kabul edeninden we ertirki gün çekileninden soň näme edeli? B meýilnamamyz bolmasynmy?" diýip belledi. 

Amerikan metbugatynda Malide harby agdarlyşykdan soň döredilen wagtlaýyn hökümet bilen rus Wagner kärhanasynyň Maliniň goşunyna tälim bermek we ýokary derejeli resmileriň goralmagyny öz düzüminde jemleýän ylalaşyga gol çekişmegiň bosagasyndadygy öňe sürülipdi. 

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Sahel sebitinde geçirýän Barkhane operasiýasyny öňümizdäki ýylyň ilkinji çärýeginde bes etjekdigini habar beripdi. 

Fransiýa 2013-nji ýylda Malidäki "Serwal" atly harby hereketden soň 2014-nji ýylyň 1-nji awgustynda Sahel sebitinde Barkhane operasiýasyny başladypdy. 

Takmynan 5 müň esgeriň iş alyp barýan Barkhane operasiýasynyň bes edilmegi bilen Sahel sebitindäki howpsuzlyk krizisiniň çözgüdiniň esasy aktýorynyň Wagner bolup biljekdigi öňe sürülýär. 


Etiketkalar: #Sahel , #metbugat , #rus , #Wagner , #Mali

Degişli Habarlar