Russiýada ertir saýlawlar geçiriler

Russiýada ertir parlamendiň aşakgy ganady bolan Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawy üçin ses berilşik geçiriler.

1706821
Russiýada ertir saýlawlar geçiriler

 Russiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasyna görä, koronawirus epidemiýasyna garşy görülen çäreleriň çäginde Döwlet dumasynyň saýlawlary 17-19-njy sentýabr aralygynda geçiriler.

Şonuň bilen birlikde şeýle hem käbir federatiw sebitlerde hem ýolbaşçylaryň we parlamentleriň saýlawlary geçiriler. Aralarynda Çeçenistan, Dagystan, Mordowiýa we Tuwa Respublikalary bolan jemi 12 Federal sebitde häkimleriň we gubernatorlaryň saýlawlary, 39 sebitde parlament saýlawlary, 19 sebitde goşmaça saýlawlar, 11 sebitiň dolanşyk merkeziniň parlament saýlawlary we 5 şäherde ýerli saýlawlar geçiriler.

Ýurduň öz içinde we daşary ýurtlardaky wekilhanalarda 110 million saýlawçy ses berer. Saýlawda Döwlet Dumasyndaky 450 orunlyk ýer üçin 14 syýasy partiýa özara bäsleşer.

Saýlawda 5 göterimlik çägi geçen partiýalaryň deputatlary Duma girerler. Her 5 ýylda 1 gezek geçirilýän Döwlet Duma saýlawlarynda 450 deputatlyk ýer üçin 225 dalaşgär partiýalardan saýlanýan bolsa, 225 dalaşgär garaşsyz ýagdaýda saýlanýar. Beýleki tarapdan Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy Russiýada 17-19-njy sentýabr aralygynda geçiriljek saýlawlara synçy ugratmagy ret etdi.

Gurama talap etdikleri mukdarda synçy ugradylmagyna Russiýanyň rugsat bermänligi sebäpli teklibi ret edendiklerini beýan etdi.

Russiýanyň Merkezi Saýlaw komissiýasy bolsa guramanyň synçy çäklendirmesini Kowid-19 pandemiýasy bilen bagly alynan öňüni alyş çäreler sebäpli girizendiklerini beýan etdi.


Etiketkalar: #ýerli , #saýlawlar , #Russiýa

Degişli Habarlar