Taliban Angela Merkeli Owganystana çagyrdy

Zabihullah Müjahid, Germaniýanyň hökümetiniň täze hökümet bilen mümkin bolan iň gowy diplomatik gatnaşyklara eýe bolmagyny isleýändiklerini mälim etdi

1703537
Taliban Angela Merkeli Owganystana çagyrdy

Talibanyň Germaniýa bilen güýçli we resmi diplomatik gatnaşyklary isleýändigini belläp, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeli Owganystana çagyrandygy mälim edildi. 

Germaniýanyň Bild gazedi, "Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid Federal Kansleri Kabula çagyrdy" sözbaşyly makala çap etdi. 

Ady agzalan makalada Zabihullah Müjahid: "Germaniýanyň Owganystan bilen taryhy we gowy gatnaşyklary bar. Germaniýa bilen güýçli we resmi diplomatik gatnaşyklar isleýäris" diýip belledi. 

Zabihullah Müjahid, Germaniýanyň hökümetiniň täze hökümet bilen mümkin bolan iň gowy diplomatik gatnaşyklara eýe bolmagyny isleýändiklerini mälim etdi. 

Zabihullah Müjahid Germaniýa bilen gowy gatnaşyklar bilen birlikde, Berlinden saglygy goraýyş, infrastruktura we bilim ugurlary boýunça maliýe taýdan goldaw, ynsanperwer kömek we hyzmatdaşlyk görmek isleýändiklerini belläp: "Germaniýanyň hökümetiniň bize hakykatdan hem kömek edip biljekdigine ynanýarys" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar