Blinken: "Howp astyndaky owganlaryň ýurtdan çykarylmagy üçin iş alyp barýarys"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, howp astyndaky owganlaryň Owganystandan howpsuz ýagdaýda çykarylmaklary üçin iş alyp barýandyklaryny habar berdi

1703997
Blinken: "Howp astyndaky owganlaryň ýurtdan çykarylmagy üçin iş alyp barýarys"

ABŞ-nyň Owganystan missiýasynyň, Kataryň paýtagty Doha şäherinde işlerini dowam etdirýändigini aýdan Blinken, Talibanly resmileriň Waşingtona syýahat rugsatnamasy bolan adamlaryň Owganystandan erkin ýagdaýda çykmagyna rugsat berjekdiklerini mälim etdi. 

Entoni Blinken we ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin, Talibanyň häkimiýetiň başyna geçmeginden soň howp astyndaky amerikalylaryň we owganlaryň ewakuasiýasyny islemek we DAIŞ-e garşy nähili jogap beriljekdigi barada hyzmatdaşlarynyň arasynda bir pikire gelmek üçin Katara bardylar. 

Şol çäkde Kataryň Daşary işler ministri Şeýh Muhammed bin Abdurrahman Al Thani bilen duşuşyk geçiren ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken: "Hyzmatdaşlarymyz Katar we Türkiýe bilen paýtagtyň dikeldilmegi we Kabul howa menziliniň iň gysga wagtda açylmagy üçin iş salyşýarys" diýip aýan etdi.



Degişli Habarlar