Taliban Penjşiri Dolulygyna Ele Geçirdi

“Duşmanyň soňky galasy Penjşir welaýaty dolulygyna ele geçirildi”

1703020
Taliban Penjşiri Dolulygyna Ele Geçirdi

Taliban, Owganystanyň Penjşir welaýatynyň gözegçiligini dolulygyna ele geçirendigini habar berdi.

Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid, Twitterden beren habarnamasynda, “Duşmanyň soňky galasy Penjşir welaýaty dolulygyna ele geçirildi” diýdi.

Müjahid, mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda bolsa Penjşiriň ele geçirilmegi bilen ýurtda söweşiň dolulygyna bes edilendigini ýatlatdy.

Ahmed Mesudyň ýolbaşçylygyndaky ýerli güýçleriň welaýatdan çekilmek islemeýändigi we Taliban bilen gepleşik geçirendigi emma ylalaşyk gazanylyp bilinmändigi nygtalýar.

Paýtagt Kabuldan 50 kilometr alysda ýerleşýän Penjşir welaýaty, ABŞ-nyň 2001-nji ýylda Owganystany basyp almagyndan soň etrapdy.

170 müň ilatly sebitiň ilaty täjiklerden ybarat.



Degişli Habarlar